Prezident Erdogan Yslam Sammitinde Çykyş Etdi

Erdogan, hassahanalaryň, mekdepleriň, bosgun düşelgeleriniň bombalanmagynyň kabul edilmesizdigini nygtady

2063315
Prezident Erdogan Yslam Sammitinde Çykyş Etdi

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde hassahanalaryň, mekdepleriň, bosgun düşelgeleriniň bombalanmagynyň, asuda ilatyň gyrgyna berilmeginiň kabul edilmesizdigini nygtady.

Erdogan, Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçirlen 8-njy Yslam sammitine gatnaşdy.

Prezident Erdogan “Adam hukuklaryndan we azatlygyndan gürrüň edýän Günbatarly ýurtlaryň Palestinada dowam edýän gyrgynçylyk meselesinde dymmagy diýseň utandyryjy. Ysraýyl hassahanalary, mekdepleri, bosgun düşelgelerini bombalaýar, asuda ilaty gyrgyna berýär. Taryhda deňi taýy görülmedik wagşyçylyk başdan geçirilýär. Zulumy görmezden gelýänlar zulum edýänler ýaly akýan ganýan jogapkärdir” diýdi.

Prezident Erdogan “Palesina meselesine ünsiz çemeleşilmegi sebitde dartgynlygyň dowam etmegine sebäp bolýar. Biz parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin kepillik bilen birlikde ähli taraplaýyn tagalla etmäge taýar” diýdi.

Erdogan “Parahatçylyk şäheri bolan Ierusalimde we Palestinada gysga wagtda durnuklylygyň ýola goýulmagyny umyd edýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar