“Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Tagalla Edýäris”

“Günbatarly ýurtlardan doly goldaw alýan Ysraýyl, mekdepleri, metjitleri, buth"analary, hassahanalary we uniwersitetleri bombalamaga dowam edýär

2062505
“Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Tagalla Edýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň Gaza Sektorynda hüjümleriň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýändigini aýtdy.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler derejesinde geçirlen 16-njy sammitinde çykyş eden Prezident Erdogan, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda durup geçdi.

Ysraýyl tarapyndan 11 müňe golaý gazalynyň öldürlendigini aýdan Erdogan, öldürlenleriň 73 göteriminiň çagalar we zenanlardygyny belledi.

Prezident R. T. Erdogan, “Günbatarly ýurtlardan doly goldaw alýan Ysraýylyň hökümeti, mekdepleri, metjitleri, buthanalary, hassahanalary we uniwersitetleri bombalamaga dowam edýär. Adam hukuklaryndan, söz azatlygyndan we demokratiýadan gürrüň edýän günbatarly ýurtlar bolsa Ysraýylyň gyrgynçylygyna dymmak bilen syn edýär” diýip belledi.

Gumanitar maksatly hüjümleriň bes edilmegi üçin Türkiýäniň diplomatiýa taýdan tagalla etmäge dowam edýändigini aýdan Erdogan, “Sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagalla edýäris. Şu günkü güne çenli 10 uçar bilen 230 tonnalyk ynsanperwer kömegini müsürli doganlarymyzyň goldaw bermeginde Al Ariş howa menziline ugratdyk. 2 gämi bilen ynsanper kömeginiň sebite ugradylmagy üçin hem taýarlyk görýäris” diýdi.

Prezident Erdogan, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin etjek tagallasynyň möhümdigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar