Yragyň demirgazygyndaky Hakurkda howa operasiýasy geçirildi

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabynda geçirilen howa operasiýasynda içinde ýokary derejeli ýolbaşçy terrorçylar hem bolan jemi 15 aýry nyşananyň ýok edilendigi habar berildi

2060377
Yragyň demirgazygyndaky Hakurkda howa operasiýasy geçirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan "Hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýäris" sözler bilen paýlaşylan beýanatda: "PKK/KJK we beýleki terrorçylykly elementleri täsirsiz ýagdaýa getirip, Yragyň demirgazygyndan halkymyza we howpsuzlyk güýçlerimize garşy terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak we serhet howpsuzlygymyzy üpjün etmek maksady bilen BMG-nyň ylalaşygynyň 51-nji maddasyndan gözbaş alýan kanuny taýdan özüňi goramagyň çäginde Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde ýerleşýän terrorçylykly elementlere garşy 2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda sagat 19:30-da howa operasiýasy geçirildi, ýerine ýetirilen howa operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylan we içinde ýokary derejeli ýolbaşçy wezipesinde bolan terrorçylaryň bardygy kesgitlenilen gowaklar, gaçybatalgalar, sygynma ýerleri we ammarlardan ybarat jemi 15 aýry nyşana ýer bilen ýegsan edildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda operasiýada ýerli we milli ok-därileriň ulanylyp köp sanda terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenip, terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi mälim edildi. 

Beýanatda operasiýada asuda ilatyň, dostlukly elementleriň, taryhy we medeni elementler bilen daşky gurşawa zeper ýetmezligi üçin her dürli çäräniň görülendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #terror , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar