Daşary Işler Ministri Fidan Germaniýa Gider

Fidan, ÝB-niň ministrler derejesinde geçiriljek maslahatyna gatnaşar

2059380
Daşary Işler Ministri Fidan Germaniýa Gider

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň ministrler derejesinde geçiriljek maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň paýtagty Berline gider.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Ministr Fidan, Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygynda daşary işler ministrleri derejesinde 2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda geçiriljek ÝB-niň Giňelmek konferensiýasyna gatnaşmak üçin Berline gider. ÝB-ne agza we dalaşgär ýurtlaryň gatnaşmagynda geçiriljek konferensiýada, ÝB-niň giňelmek strategiýasy we dalaşgär ýurtlaryň durmuşa geçirjek işleri ara alnyp maslahatlaşylar”diýildi.

Beýannamada, Daşary işler ministri Fidanyň, Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen birlikde käbir kärdeşleri bilen iki çäk duşuşyk geçirmegine garaşylýandygy nygtaldy.


Etiketkalar: #ÝB , #Germaniýa , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar