Daniýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Saparyň çäginde, Türkiýe bilen Daniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar

2056387
Daniýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Daniýanyň Daşary işler ministri Lars Lokke Rasmussen, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň myhmany hökmünde şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geler.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde, Türkiýe bilen Daniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Gazada dowam edýän çaknyşyklar, Ukrainadaky soňky ýagdaý, Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, käbir Ýewropa ýurtlarynda Gurhana garşy guralýan hüjümleri meselesi hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.



Degişli Habarlar