“Terror Guramasyna Garşy Guralýan Howa Hüjümleri Dowam Eder”

Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynda eden çykyşynda, terrora garşy göreş barada durup geçdi.

2049519
“Terror Guramasyna Garşy Guralýan Howa Hüjümleri Dowam Eder”

Prezident R. T. Erdogan, Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terror guramasyna garşy guraýan howa hüjümleriniň dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynda eden çykyşynda, terrora garşy göreş barada durup geçdi.

“Yragyň we Siriýanyň demirgazygyndaky hinlerinde Türkiýä garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçylara uly zarba urýarys”diýen Erdogan, “Terror guramalaryna garşy guraýan howa hüjümlerimizi artdyrmak bilen dowam etdireris. Terrorçylara goldaw berýänlere hem degişli jogaby bereris” diýdi.

 



Degişli Habarlar