Yragyň Goranmak ministri Türkiyede saparda bolýar

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Yragyň Goranmak ministri Thabit Mohammed Al Abbasi harby we goranyş senagaty boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2046887
Yragyň Goranmak ministri Türkiyede saparda bolýar

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler çakylygyna laýyklykda Türkiyä resmi sapar guran yrakly kärdeşini paýtagt Ankara şäherinde Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady. 

Iki ministr dabaradan soň ikiçäk duşuşyk geçirdiler, ondan soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdiler. 

Iki ministr sebitleýin harby we goranyş senagaty boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ele alan duşuşyklarynda, ministr Ýaşar Güler tarapyndan güýçli taryhy we jemgyýetçilik baglanşygy bolan Yragyň we Türkiyäniň şol bir geografiýada ýaşaýan doganlyk we goňşy iki ýurtdygy beýan edildi, terrora garşy göreş we serhet howpsuzlygy başda bolmak bilen edilip bilinjek umumy ädimler bilen, hyzmatdaşlygyň has hem özgerdilmeginiň ähmiýeti beýan edildi. 

Yragyň Goranmak ministri Thabit Mohammed Al Abbasini Türkiyede görmekden hoşaldygyny aýdan Ýaşar Güler, geçen aý Musulda başdan geçirilen ýangynda ýogalan adamlar zerarly yrakly kärdeşiniň üsti bilen Yragyň halkyna gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar