Yragyň Demirgazygyna Guralan Operasiýada Köp Sanly Terrorçy Ýok Edildi

Yragyň demirgazygyna guralan harby howa operasiýasynda jogapkär derejeli terrorçylar bilen bilelikde 16 nyşana hatardan çykaryldy, köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2045870
Yragyň Demirgazygyna Guralan Operasiýada Köp Sanly Terrorçy Ýok Edildi

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä PKK/KJK we beýleki terror toparlaryna degişli terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirip, Yragyň demirgazygyndan Türkiýä guralýan terror hüjümlerini ortadan aýyrmak we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen BMG-niň Şertnamasynyň 51-nji maddasyndan gelip çykýan kanuny goranyş hukugyna laýyklykda Yragyň demirgazygyndaky Metina, Gara, Hakurk, Kandil we Asos etraplarynda ýerleşýän pozisiýalara harby howa operasiýalary guraldy.

Howa operasiýalary bilen ekstremist terror guramasy tarapyndan peýdalanylýan we içinde jogapkär derejede terrorçylaryň bardygy kesgitlenilen gowaklardan, gaçybatalgalardan we ammarlardan ybarat 16 nyşana hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda esasan ýerli we milli ok-däri peýdalanylyp, köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýannamada; “Asylzada milletimiziň gahryman Türk ýaragly güýçleri geçmişde bolşy ýaly şu günki günde-de ýurdumyzyň we milletimiziň geljegi hem-de howpsuzlygy üçin terrorçylyga garşy göreşini ähli terrorçylar ýok edilýänçä egilşiksiz dowam eder” diýtilýär.



Degişli Habarlar