Hasanow Bilen Güler Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Hasanow, Azerbaýjanyň harby goşunynyň alyp barýan ýerli antiterrör operasiýasy hakynda Gülere maglumat berdi

2039441
Hasanow Bilen Güler Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, ministr Hasanow, Azerbaýjanyň harby goşunynyň alyp barýan ýerli antiterrör operasiýasy hakynda Gülere maglumat berendigi nygtaldy.

Milli Goranmak ministri Güler, Türkiýäniň hemişe bolşy ýaly Azerbaýjana goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Garabagdaky konstitutsion ulgamy gaýtadan dikeltmek we ermeni ýaragly güýçleriniň birikmeleriniň ýaragsyzlandyrlyp, Azerbaýjanyň çäklerinden çykarylmagy üçin ýerli antiterror çärelerini başlandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar