Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Iki kärdeş duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

2033378
Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis Ankarada saparda bolýar.

Myhman Daşary işler ministri saparynyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan  beýannamasynda, “Goňşymyz Gresiýa bilen şertsiz gepleşik geçirmäge we özara bähbide laýyklykda gatnaşyk etmäge taýar. Başdan geçirýän kynçylyklarymyzy halkara hukuk kadalaryna laýyklykda çözüp bileris” diýdi.

Grek kärdeşi bilen Egeý we Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde başdan geçirilýän kynçylyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Fidan, “Egeý meselesinde garaýyş tapawutlylygy bar. Şol meseleleri geçmişde ýörite geçirlen gepleşiklerde ara alyp maslahatlaşýardyk. Şol etabyň ýakynda ýaňadandan başlamagy barada pikir alyşdyk” diýdi.

Fidan, bikanyn göç meselesiniň bäsleşik däl eýsem hyzmatdaşlyk ugry bolmalydygyny, Egeýde adam pidalarynyň çekilmegini islemeýändiklerini nygtady.

Daşary işler ministri Fidan, “Ýorgos Ýerapetritis bilen Gresiýada ýaşaýan kowumdaşlarymyzyň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda hem pikir alyşdyk” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis hem “Ynamy artdyryjy gepleşikler ýakynda başlar” diýdi.

Ýorgos Ýerapetritis, “Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda pozitiw gün tertibiniň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşdyk” diýip belledi.



Degişli Habarlar