Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak döwletine sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Yrak döwletine resmi sapar gurar

2027701
Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak döwletine sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, ministr Hakan Fidanyň 22-24-nji awgust aralygynda Yrak döwletine resmi sapar gurajakdygy habar berildi. 

Hakan Fidan Yrak döwletine gurajak saparynyň çäginde Bagdat we Erbil şäherlerinde duşuşyklar geçirer. 

Saparyň çäginde Yrak bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşylar. 

Gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar