Nigerdäki türk raýatlar Türkiyä getirildi

Nigerde 26-njy iýulda harby agdarlyşykdan soň, wagtlaýyn häsýetde şol ýurtda bolan we howa giňişligi ýapylandygy sebäpli ýurda gaýdyp gelip bilmeýän türk raýatlar, adatdan daşary uçuş rugsady bilen Stambula getirildi

2022074
Nigerdäki türk raýatlar Türkiyä getirildi

Türkiyäniň Niameý şäherindäki ilçihanasyndan berilen beýanatda, harbylaryň ýurduň dolanşygyny ele geçiren 26-njy iýuldan bäri Türk Howa ýollarynyň Nigeriň paýtagty Niameý şäherine uçar saparlaryny gurap bilmändigi habar berildi. 

Şol çäkde ýurtda wagtlaýyn häsýetde bolan we THÝ-nyň uçar gatnawlaryna garaşýan türk raýatlaryň ýurda gaýdyp gelmekleri üçin Nigeriň resmilerinden adatdan daşary uçuş rugsady alandygy mälim edildi. 

Esasy bölegi türk raýatlary bolan 223 ýolagçynyň paýtagt Niameýdäki Halkara Diori Hamani howa menzilinden THÝ-na degişli uçar bilen Stambula tarap ýola çykandygy aýan edildi. 

Şol uçar saparynyň türk raýatlaryň ewakuasiýasy häsýetinde bolmandygy, ýurtda wagtlaýyn häsýetde bolan we Türkiyä gaýdyp gelmeli bolan raýatlara we beýleki ýolagçylara hödürlenen bir mümkinçilikdigi habar berildi. 

Türk raýatlaryny alan uçar şu gün irden Stambul howa menziline geldi. 

Türkiyäniň Niameý şäherindäki ilçihanasy, Türk edaradyr-kärhanalar, Türk-Niger Dostluk hassahanasynyň işgärleri we ýurtdaky türk kärhanalarynda iş alyp barýan türk raýatlar Nigerde galmaga dowam edýär. 

Nigerde 26-njy iýulda häkimiýeti ele geçiren Watany goramak Milli geňeşi atly harby hunta 6-njy awgustda bolmagy ähtimal hüjüme garşy Nigeriň howa giňişligini 2-nji buýruga çenli ýapypdy. 

Ozal Fransiýa, ABŞ, Italiýa ýaly käbir ýurtlar Nigerdäki raýatlaryny ewakuasiýa edipdi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #THÝ , #Niger

Degişli Habarlar