Türkiýe Bilen BAE-niň Arasynda 50,7 Milliard Dollarlyk Şertnama Baglaşyldy

Prezident R.T.Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine guran saparynda döwlet Ýolbaşçysy Şeýh Muhammed ben Zaýed Al Nahýan tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

2013645
Türkiýe Bilen BAE-niň Arasynda 50,7 Milliard Dollarlyk Şertnama Baglaşyldy
erdogan-al nahyan3.jpg
erdogan-al nahyan2.jpg
erdogan-al nahyan1.jpg
erdogan bae.jpg
erdogan-al nahyan.jpg

El Watan köşkündäki dabaradan soň ikiçäk duşuşan Erdogan we Al Nahýan, soň toparara gepleşikler geçirdi.

Erdogan duşuşykda sözlän sözünde iki ýurduň arasynda gol çekişiljek bilelikdäki ähtnama bilen gatnaşyklaryň strategik ýaranlyk derejesine göteriljekdigini beýan edip; “Ýokary Derejeli Strategik Geňeş mehanizmi bilen gatnaşyklarymyzyň iň ýokary derejede yzgiderli häsýetde seljerilmegini ýola goýarys” diýdi.

Erdogan 25-28-nji iýul aralgynda Stambulda geçiriljek Halkara goranyş senagaty sergisi İDEF bilen bu hyzmatdaşlygyň hasam güýçlenjekdigini nygtap, Abu Dabiniň Halkara kitap sergisine “abraýly myhman” hökmünde çagyrylmagyna kanagatlanma bildirýändigini aýtdy.

Erdogan Abu Dabide Türk medeniýet merkeziniň açylyşynyň ýylyň dowamynda ediljekdigini beýan etdi.

Çykyşlardan soň Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda jemi 50,7 milliard dollarlyk maýa goýum, ykdysady, senagat, goranyş, hukuk, kazyýet, gaýtadan işlenýän energiýa we kosmos senagaty pudaklary boýunça 13 ylalaşyga gol çekişildi.

Al Nahýan duşuşykdan soň Prezident Erdogana “Zaýed Döwlet Nyşany” ordenini gowşurdy.

Erdogan we Al Nahýan şu ýyl BAE-de geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça geçirjek maslahaty üçin ýörite dizaýn edilen bilekligi dakynyp, surat aldyrdy.

Al Nahýan Prezident Erdogany sammite çagyrdy.

Erdogan bolsa Al Nahýana Türkiýäniň ilkinji ýerli awtoulagy “Togg” sowgat etdi.

 



Degişli Habarlar