Täze Gümrük Bileleşigi Has Netijeli Ykdysady Hyzmatdaşlygy Gün Tertibine Getirer

Prezdidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz täze Gümrük bileleşiginiň has netijeli, giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlygy gün tertibine getirjekdigini aýtdy.

2012327
Täze Gümrük Bileleşigi Has Netijeli Ykdysady Hyzmatdaşlygy Gün Tertibine Getirer

Hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama beren Ýylmaz, Prezident R.T.Erdoganyň Aýlag sebitindäki ýurtlara saparyndan öň Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek bilen geçen hepde şol ýurtlara gura saparlary hakynda durup geçdi.

Ýylmaz Türkiýäniň bu saparlardan maýa goýumlar taýdan möhüm netijeler aljakdygyna ynanýandygyny beýan edip, energetikadan goranyş senagatyna, syýahatçylykdan infrastruktura taslamalaryna çenli birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Ýylmaz Prezident Erdoganyň Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlara gurajak saparlarynda käbir anyk netijeleriň alynjakdygyny beýan edip; “Onuň miwelerini geljek pasylda ýygarys. Türkiýä geljek maýa goýumyň has artjakydygyny arkaýyn aýdasym gelýär” diýdi.

Ýylmaz ÝB bilen gatnaşyklarda Gümrük bileleşiginiň şertleriniň döwrüň şertlerine görä özgerdilmegi we wyza ýeňilligi meselelerinde ýokary tagalla ediljekdigini beýan edip; “Bar bolan Gümrük bileleşigi diňe senagat pudagyny öz içine alýar. Täze Gümrük bileleşigi senagatyň ýany bilen hyzmatlar pudagyny, jemgyýetçilik ugurlary ýaly giň ugurlary öz içine alýar we has netijele, giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk gün tertibine geler. Ol, iki tarap üçin hem bähbitli” diýdi.

 



Degişli Habarlar