Prezident Erdogan Aýlag Ýurtlarynda Saparda Bolar

Erdoganyn ilkinji duralgasy Saud Arabystany bolar

2012103
Prezident Erdogan Aýlag Ýurtlarynda Saparda Bolar

Prezident R. T. Erdogan Pars aýlag ýurtlarynda saparda bolar.

Erdogan şu gün başlajak saparynyň çäginde nobaty bilen Saud Arabystanyna, Katara we Birleşen Arap Emirliklerine barar.

Erdoganyn ilkinji duralgasy Saud Arabystany bolar.

Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abulziz bilen duşuşar we Saud Arabystany-Türkiýe işewürler maslahatyna gatnaşar.

Prezident Erdogan, 18-nji iýulda bolsa ilki Katara soň bolsa Birleşen Arap Emirliklerine barar.

Erdoganyň saparynyň çäginde saglygy goraýyş, energetika we goranyş senagaty ýaly birnäçe ugurda edilýän hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ýaňy ýakynda Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek hem Aýlag ýurtlarynda saparda bolupdy.



Degişli Habarlar