TBMM-de "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" atly surat sergisi açyldy

15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününiň çäginde paýtagt Ankara şäherindäki TBMM-de "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" atly surat sergisi açyldy

2011794
TBMM-de "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" atly surat sergisi açyldy

TBMM-niň Şöhrat zalynda geçirilen serginiň açylyşynda söz sözlän TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş, 15-nji iýuly diňe bir gün, diňe Türkiyäniň geçmişinde bolan gara tegmil hökmünde garamakdan öte, demokratiýa we milli jebislik güni hökmünde kabul etmäge we gelejek nesillere ýetirmäge mejburdyklaryny habar berdi. 

Şol gijäniň iki tarapynyň bardygyny aýdan Numan Kutulmuş, bir tarapda adamlara we millete garşy duşmançylyk, daşary ýurtlylaryň amallary bilen öz amallaryny birleşdiren imperialistleriň hyzmatkäri bolan düşünjäniň bardygyny, şol düşünjäniň ýurdy harby agdarlyşyga, harby agdarlyşykdan soň içerki çaknyşyga, söweşe, ondan soň bolsa käbir imperialist güýçleriň basyp alyşlygyny taýarlamak üçin işe girişilendigini beýan etdi. 

Numan Kurtulmuş beýleki tarapdan bolsa öz-özünden ýollara çykan, milli jebisligi we agzybirligi goramak üçin janyny galkan eden, milletiň ygtyýaryna eýe çykmak üçin ähli ýerleri huntaçylaryň öňüne çykyp ýapan, gelejegine, demokratiýasyna, ýurduna, baýdagyna we mukaddesliklerine eýe çykan millet köpçüliginiň bolandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #sergi , #Numan Kurtulmuş , #TBMM

Degişli Habarlar