Siriýanyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirildi
Heýsem Juma Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan 9-njy iýulda Manbijiň şäher merkezinde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygyndaky Manbij sebitinde guran operasiýasynda 2020-nji ýylda asuda ilatdan 40 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen Afrin hüjüminiň jogapkäri, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-PÝD/ÝPG-e agza terrorçy Heýsem Jumany täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, terror guramasy PKK/KJK-PÝD/ÝPG-niň Manbij razwedka gurluşynda jogapkär agza hökmünde iş alyp baran, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebiti başda bolmak bilen operasiýa sebitlerini gurama tarapyndan aksiýa geçirmek maksady bilen harby enjamlar bilen üpjün eden Heýsem Abu Dahham adyny ulanýan Heýsem Jumanyň birnäçe wagt ozal Manbijiň şäher merkezine gelendigi barada razweda maglumaty alyndy.
Heýsem Juma Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan 9-njy iýulda Manbijiň şäher merkezinde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Terrorçy Heýsem Juma Jerablusda 2019-njy ýylda 3 motosikl, 2-i awtoulag bilen guralan bombaly hüjümler bilen 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Afriniň şäher merkezindäki bazar meýdanynda bomba ýüklenen ýangyç tankeri bilen guralan we 11-i çaga asuda ilatdan jemi 40 adamyň ýogalmagy we 47 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen hüjümleriň jogapkäridigi mälim edildi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, Kosowanyň Premýer-ministri Kurti Bilen Duşuşdy
Ministr Fidan, Kosowanyň Premýer-ministri Kurti bilen paýtagt Ankarada duşuşdy