Terror guramasy PKK-nyň aragatnaşykdan jogapkär agzasy Ferit Ýüksel täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň aragatnaşykdan jogapkär agzasy Ferit Ýüksel täsirsiz ýagdaýa getirildi

2009102
Terror guramasy PKK-nyň aragatnaşykdan jogapkär agzasy Ferit Ýüksel täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi habar çeşmelerinden alynan maglumata görä, Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde gözleg we saplaýyş işlerini dowam etdiren Türkiyäniň Ýaragly güýçleri 852 metr belentlikdäki dagyň gowagynda terrorçynyň bardygyny anykladylar. 

"Boýun egmekleri" barada berilen çagyryşa ot açyp garşylyk görkezen terrorçy, gizlenýän gowagynda komandos toparlar tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Terrorçynyň geçen ýyl täsirsiz ýagdaýa getirilen "Siýabend" adyny ulanýan Zap sebitiniň jogapkär ýolbaşçylarynyň ýakyn adamlarynyň biri bolan "Şerzan Mawa" adyny ulanýan Ferit Ýükseldigi anyklandy. Terrorçy Ferit Ýükseliň sebitdäki aragatnaşygy üpjün edýän, aragatnaşykdan jogapkär agzasydygy anyklandy. 

Ady agzalan 2 terrorçynyň birnäçe ýyl ozal gizlenen gowaklarynyň birinde düşen suratlary hem geçirilen gözleg işleriniň neijesinde tapyldy. 

Goranmak ministrliginden berilen ýene-de bir beýanatda bolsa Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde PKK-a agza 1 terrorçynyň, Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza ýene-de 1 terrorçy bolmak bilen jemi 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar