Erdogan, Stoltenbergi Gutlady

“Jenap Stoltenbergiň wezipesini dowam etdirmeginiň hyzmatdaşlygymyza we halkara parahatçylyga uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn”

2007403
Erdogan, Stoltenbergi Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, iş möhledi 1 ýyl uzadylan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi gutlady.

Prezident Erdogan Twitterden beren gutlag ýüzlenmesinde, NATO Geňeşiniň karary bilen Baş sekretarlyk wezipesi 1 ýyl uzadylan Ýens Stoltenbergi gutlady.

Stoltenberge wezipesinde rowaçlyk arzuw eden Erdogan “Jenap Stoltenbergiň wezipesini dowam etdirmeginiň hyzmatdaşlygymyza we halkara parahatçylyga uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

30-njy sentýabrda iş möhledi dolýan Stoltenberg, 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli NATO-nyň Baş sekretary hökmünde wezipesini dowam etdirer.

 



Degişli Habarlar