Prezident Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiye-Türkmenistan dostlugy we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy

2005557
Prezident Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde liderler biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutlady, baýramyň Yslam dünýäsi başda bolmak bilen bütin adamzada parahatçylyk, asudalyk we bereket getirmegini dilediler. 

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiye-Türkmenistan dostlugy we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

 



Degişli Habarlar