Prezident Erdogan, Wladimir Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde rus kärdeşi Putine doly goldaw berýändigini nygtady.

2003988
Prezident Erdogan, Wladimir Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen beýannamada, Wladimir Putiniň telefon söhbetdeşliginde Wagner toparynyň rus hökümetine garşy başladan ýaragly pitnesi we ýurdunda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda Prezident Erdogana maglumat berendigi nygtaldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde rus kärdeşi Putine doly goldaw berýändigini nygtady.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Prezident Erdogan bilen birlikde Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew we Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we ýurdunda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglum berdi.

Rus howpsuzlyk firmasy Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, harby merkezlerine rus goşuny tarapyndan hüjüm edilendigini we hüjüme degişli gaýtawuly görkezmek üçin herekete geçendiklerini aýdypdy.

Wagneriň herekete geçmegi sebäpli Federal Howpsuzlyk gullugy “ýaragly pitne turuzandyklary” sebäpli iş gozgapdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa “Wagneriň” düşelgelerine hüjüm guralandygy hakyndaky günäkärlemeleriň hakykaty beýan etmeýändgini habar beripdi.



Degişli Habarlar