Hakan Fidan Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasyna gatnaşar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 21-22-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde geçiriljek 2023 Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasyna gatnaşar

2002077
Hakan Fidan Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasyna gatnaşar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Hakan Fidanyň ady agzalan konferensiýada ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar. 

Beýik Britaniýa we Ukraina tarapyndan geçiriljek 2023 Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasy, ahyrkysy Luganoda Şweýsariýa bilen bilelikde geçirilen ýyllyk çäreleriň dowamyny emele getirýär. 

Ady agzalan konferensiýalar Ukrainanyň galkynmagy we söweşden soň ýaňadandan dikeldilmegi bilen baglanşykldyr. 

Halkara jemgyýeti bir ýere jemlejek konferensiýanyň açylyşynda Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Rişi Sunak we çärä onlaýn görnüşde gatnaşjak Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý çykyş eder. Ukrainanyň Premýer ministri Denis Şmygal hem konferensiýanyň açylyşynda çykyş eder. 

Konferensiýanyň gatnaşjak ýokary derejeli resmileriň arasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýaşi Ýoşimasa hem bar. 



Degişli Habarlar