Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

2002080
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylar nirede bolsa nyşanamyz şol ýerdir paroly bilen terrorçylary hyýanatçylykly amallaryny ýetirmeden täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam edýäris. Türk esgerler Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi. 

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy hem terrordan gözlenýänleriň sanawynda gök kategoriýada bolan, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň jogapkärlerinden Rydwan Uluganany Siriýanyň Tel Ryfat sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirdi. 



Degişli Habarlar