Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder
PKK-ly 3 terrorçy ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Hakkariniň Ýüksekowa etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-ly 3 terrorçynyň ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, Içeri işler müdürliginiň Howpsuzlyk gullugy bilen birlikde alyp baran işleriniň çäginde Hakkariniň Ýüksekowa etrapçasynda 3 terrorçynyň ýeriniň anyklanandygyny nygtady.
Ministr Ýerlikaýa 3 terrorçynyň geçirlen opersiýada täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.
Operasiýa gatnaşan howpsuzlyk güýçlerini gutlan Ýerlikaýa, Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini belledi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy
Palestina Döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin tagalla edilmeli