Prezident Erdogan Pakistana Gynanç Bildirdi

Erdogan, gaýyk heläkçiliginde ýogalanlar üçin Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerife gynanç bildirdi.

2002081
Prezident Erdogan Pakistana Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, gaýyk heläkçiliginde ýogalanlar üçin Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerife gynanç bildirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Gresiýanyň suw giňişliginde bolan gaýyk heläkçiliginde ýogalan pakistanyň raýatlary üçin gynanç bildirdi.

Waka çuňňur gynanç bildirýändigini aýdan Prezident Erdogan, pakistanyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Gresiýanyň suw giňişliginde bolan gaýyk heläkçiliginde 81 bosgun ýogalypdy, 104 adam halas edilipdi.

Ýogalanlaryň arasynda Siriýanyň, Müsüriň, Pakistanyň we Palestinanyň raýatlary bar.

 



Degişli Habarlar