Türkiye Ugandada mekdebe guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiye Ugandanyň Mpondwe sebitindäki mekdepleriň birine guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

2001028
Türkiye Ugandada mekdebe guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, hüjümde ençeme okuwçynyň ýogalmagy zerarly gynanç bildirilýändigi, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklarynyň dilenýändigi habar berildi. 

Hüjümiň ýazgarylýandygy bellenen beýanatda: "Terrorizmiň islendik görnüşine garşy täsirli göreş alyp barýan ýurdumyz bu kyn günlerde Ugandanyň hökümeti we halky bilen raýdaşlyk içindedir" diýip mälim edildi. 

Ugandanyň Mpondwe sebitindäki mekdepleriň birinde guralan terrorçylykly hüjümde 38-i okuwçy, jemi 41 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #okuwçy , #mekdep , #Uganda , #Türkiye

Degişli Habarlar