"Anadoly-2023" harby türgenleşigi öz işini tamamlady

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Anadoly-2023 Birleşen Ýöriteleşdirilen güýçler harby türgenleşiginiň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdi

2000986
"Anadoly-2023" harby türgenleşigi öz işini tamamlady

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "2023-nji ýylyň 5-16-njy iýun aralygynda Ankara şäheriniň Gölbaşy etrabynda Anadoly-2023 Birleşen Ýöriteleşdirilen güýçler harby türgenleşigi dostlukly we ýaran ýurtlaryň Ýöriteleşdirilen harby güýçleriň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy we bilelikde iş salyşmagy ösdürmek, ikitaraplaýyn maglumaty we tejribäni paýlaşmak maksady bilen Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Mongoliýa, Demirgazyk Makedoniýa, Wengriýa, Albaniýa, Gruziýa, Pakistan we Türkiye ýaly ýurtlaryň Ýöriteleşdirilen harby güýçleriň harby birikmeleriniň gatnaşmagynda, Çehiýa, Bangladeş, Tunis döwletleriniň synçy ýurtlar hökmünde gatnaşmagynda Türkiyäniň Ýöriteleşdirilen güýçler serkerdeligimiziň ýer eýeçilik etmeginde geçirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar