Prezident Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirdi

1998022
Prezident Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi
al nahyan-erdogan-togg1.jpg
al nahyan-erdogan-togg.jpg
al nahyan-erdogan.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan bilen Stambul şäherinde Atatürk howa menzilinde duşuşdy. 

Erdogan we Zaýid Al Nahaýan garşylama dabarasynda Türkiyäniň ilkinji ýerli we milli awtoulagy TOGG-y gözden geçirdiler. 

Döwlet baştutanlary ondan soň Atatürk howa menziliniň Döwlet myhmanhanasynda metbugata ýapyk häsýetde duşuşyk geçirdiler. 

BAE-niň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan geçirilen duşuşyk bilen bagly sosial media hasabyndan türk dilinde beýannama berdi. 

Al Nahaýan Twitter hasabyndan beren beýannamasynda: "Stambulda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirmekden hoşal boldym. Iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryny güýçlendirmek, ykdysady hyzmatdaşlyklaryny özgertmegi maslahatlaşdyk. BAE sebitde we dünýäde parahatçylyga, abadançylyga goldaw bermek üçin dostlary bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ähmiýet berýär" diýip belledi. 



Degişli Habarlar