Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi

1997124
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza, çal kategoriýa boýunça gözlenýän Fehmi Ögmen we ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Süleýmaniýe welaýatynyň Çemçemal şäheriniň golaýynda PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny ýerli razwedka işgärleri bilen gözegçilik astyna alan Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy, işgärleriniň kömegi bilen guramanyň agzalarynyň gizlinlik bilen ulanýan bir ýeri kesgitledi.

PKK/KJK-nyň Yragyň demirgazygyndaky ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan we çal kategoriýa boýunça gözlenýän terrorçy Fehmi Ögmeniň sebitdedigi anyklandy. 

Gurama 1993-nji ýylda goşulan, ençeme ýyllap terrorçylykly aksiýalary gurnaýan, Türkiyede amala aşyrylan ençeme aksiýany gurnan Fehmi Ögmene garşy operasiýa geçirildi. 

Operasiýada Mehmet Salih Çakal we şofýorlary Ahmed Muhammed Ali hem täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar