Prezident Erdogan Ankarada halka ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Erdogan Halk ýaranlygynyň parlamentde eýe bolan 323 deputaty bilen tapawutly görnüşde geljegiň Türkiyesini gurjakdygyny habar berdi

1990373
Prezident Erdogan Ankarada halka ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan paýtagt paýtagt Ankara şäherinde Raýat jemgyýetçilik guramalary we Arçynlar bilen geçiren duşuşygynda çykyş etdi. 

14-nji maýda geçirilen prezident we deputat saýlawynyň 1-nji tapgyrynda Halk ýaranlygynyň parlamentde köplüge eýe bolandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Häzirki wagtda 323 deputat bilen Halk ýaranlygy parlamentde bir binýat emele getirdi. Bu näme diýmek? Ýagny kanun çykaryjy organynda Halk ýaranlygy hökmünde biz bardyrys. Milletimiz güýçlendirilen parlamentar demokratiýa sözlerini aýak astyna aldy we Halk ýaranlygy bilen dowam etmelidigini aýtdy" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Halk ýaranlygynyň parlamentdäki 323 deputaty bilen nesip bolsa öňümiz açyk. Häkimiýetiň başyndaky 21 ýyly, nesip bolsa indi has tapawutly ýagdaýda dowam etdireris, tapawutly bir görnüşde geljegiň Türkiyesini gurarys. Türkiye Asyry diýän mahalymyz, Türkiye Asyryny biz siz bilen bilelikde gurarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar