Prezident Erdogan Hataýda Defne döwlet hassahanasynyň açylyşyny ýerine ýetirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Hataýda Defne döwlet hassahanasynyň açylyşyny ýerine ýetirdi

1988879
Prezident Erdogan Hataýda Defne döwlet hassahanasynyň açylyşyny ýerine ýetirdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremäniň iň köp täsir ýetiren Hataý welaýatynda 24-nji martda düýbi tutulan 300 orunlyk Defne döwlet hassahanasy, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen açyldy. 

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda, hassahananyň ertirden başlap syrkawlary kabul etmäge başlajakdygyny habar berdi. 

Meýilleşdirilen görnüşde gurluşygy 60 günde tamamlanan hassahananyň 300 oruny, 80 orunlyk reanimasiýa bölümi we 12 aýry operasiýa otagy bar. 



Degişli Habarlar