“Şwesiýa Entek Agzalyga Taýar Däl”

Prezident Erdogan, Şwesiýanyn NATO agzalygy hakyndaky soraga jogap berdi.

1988574
“Şwesiýa Entek Agzalyga Taýar Däl”

Prezident R. T. Erdogan, Şwesiýa terrora goldaw bermäge dowam eden halatynda onuň NATO agzalygyna oňyn jogap bermejekdikleini aýtdy.

CNN International kanalyna beýannama beren Prezident Erdogan, Şwesiýanyn NATO agzalygy hakyndaky soraga jogap berdi.

 Erdogan “Şwesiýa entek agzalyga taýar däl. Şwesiýa terror guramasynyň Şwesiýadaky agzalaryna, Stokgolmyň köçelerinde arkaýyn hereket etmegine rugsat beren halatynda biz Şwesiýanyň NATO agzalygyna oňyn garap bilmeris. Ilkinji nobatda terrora goldaw bermekden ýüz öwürmeli. Sebäbi NATO agza bolan ýurt terrora garşy egilşiksiz tutum alyp barmaly. NATO agza haýsydyr bir ýurda garşy terrorçylaryň aksiýa geçirmegine asla rugsat berilmeli däl” diýdi.



Degişli Habarlar