Germaniýada Saklanan Türk Žurnalistler Boşadyldy

Germaniýada saklanan türk žurnalistler İsmail Erel bilen Jemil Albaý boşadyldy.

1987857
Germaniýada Saklanan Türk Žurnalistler Boşadyldy

Germaniýanyň howpsuzlyk güýçleriniň “Sabah” gazetiniň Frankfurt şäherinde ýerleşýän Ýewropadaky merkezine guran opersiýasynda saklanan žurnalistler İsmail Erel bilen Jemil Albaý boşadyldy.

Howpsuzlyk güýçleriniň operasiýada Erel bilen Albaýyň öýlerinde we “Sabah” gazetiniň Ýewropadaky merkezinde barlag geçirendigi, kompýurtler bilen telefonlary alandygy habar berlipdi.

Operasiýanyň näme maksat bilen geçirlendigi hakynda hiç hili maglumat berilmändi.

İki žurnalistiň boşadylmagy üçin Daşary işler ministrligi işe girişipdi.

Daşary işler ministrligi wakany berk ýazgarypdy we Germaniýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyrlypdy.



Degişli Habarlar