Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaki Wekilhanalarynda 1 Million 691 Müň Adam Ses Berdi

Türkýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda bellige alynan 3 million 416 müň 98 saýlawça ses bermek mümkinçiligi döredilipdi.

1984724
Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaki Wekilhanalarynda 1 Million 691 Müň Adam Ses Berdi

14-nji maýda geçiriljek prezident we halk deputatlygy saýlawlary üçin Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda ses beren saýlawçylaryň sany 1 million 691müň adamdan geçdi.

Ýokary saýlaw geňeşinden berlen beýannama görä, daşary ýurtlarda bellige alynan türk raýatlary 27-nji aprelde ses bermäge başlapdy.

27-nji aprelden 9-njy maýa çenli Türkýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda bellige alynan 3 million 416 müň 98 saýlawça ses bermek mümkinçiligi döredilipdi.

Türkýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda 1 million 691 müň 531 saýlawçy ses berdi. Şeýlelikde daşary ýurtlarda ses berlen 6-njy saýlawa bolan gatnaşyk rekord derejä ýetdi.

Mundan başgada daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylardan 125 müň 479 adam hem gümrük geçelgelerinde ses berdi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary gümrük geçelgelerinde 14-nji maýa Türkiýe wagty bilen sagat 17.00-a çenli ses bermäge dowam eder.



Degişli Habarlar