Prezident Erdogan Sudanly Lider Al Burhan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan, Sudanda başdan geçirilän wakalarda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirdi

1984188
Prezident Erdogan Sudanly Lider Al Burhan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy, goşun generaly Abdulfettah Abdurahman Al Burhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommuniýasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Sudanda başdan geçirilän wakalarda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändigini aýtdy.

Taraplaryň arasynda giň gerimli gepleşlikleriň geçirilmegine ýer eýeçiligini etmäge taýardyklaryny aýdan Erdogan, sudanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin BMG bilen aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdiklerini nygtady.

Erdogan bilen Al Burhan telefon söhbetdeşliginde Sudandaky türk raýatlarynyň howpsuzlygy we ewakuasiýa edilmegi meselesi hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar