23-nji Aprel Halkara Çagalar Festiwalyna 24 Ýurtdaky Çagalar Gatnaşarlar

TRT Halkara çagalar festiwalynda 24 ýurtdan gelen ýüzlerçe çagalar ýer titremelerde ejir çeken dostlary bilen duşuşarlar.

1977659
23-nji Aprel Halkara Çagalar Festiwalyna 24 Ýurtdaky Çagalar Gatnaşarlar

23-nji aprelde 45-nji gezek geçiriljek TRT Halkara çagalar festiwalynda 24 ýurtdan gelen ýüzlerçe çagalar ýer titremelerde ejir çeken dostlary bilen duşuşarlar.

TRT-niň beýan etmegine görä “Dünýä çağalary Türkiýe üçin ýek-ýürek” şygary bilen 23-nji aprel ýekşenbe güni Stambulyň Başakşehir Millet Bagynda guraljak çärä Prezident R.T.Erdoganyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Dünýäniň çar tarapyndan geljek ýüzlerçe çaga hem ýer titremelerde ejir çeken dostlaryna goldaw bererler, hem-de 23-nji aprel çagalar festiwalyna gatnaşarlar.

Çärede myhman çagalar ertir TRT-niň Baş müdiri Mehmet Zahid Sobajy we bilen ilki Anakarada Atatürkiň aramgähine, soň bolsa TRT-niň Baş müdirligine bararlar.

23-nji aprelde geçiriljek gala agşamynda TRT Çaga ýaýlymynda görkezilýän multifilmleriň gahrymanlarynyň çykyşlary we sahna şoulary guralar.

Çagalar we Türkiýäniň adyndan TRT halk oýunlary topary tans çykyşlary bilen çykyş ederler.

 

 

 

 



Degişli Habarlar