Prezident Erdogan Oraza baýramynda ilkinji oba jaýlarynyň gowşurylmaga başlanjakdygyny aýtdy

Prezident Erdogan, Oraza baýramynda Gaziantep welaýatynyň Nurdagy etrabynda we Kahramanmaraş welaýatynyň Türkogly etrabynda ilkinji oba jaýlarynyň gowşurylmaga başlanjakdygyny mälim etdi

1974208
Prezident Erdogan Oraza baýramynda ilkinji oba jaýlarynyň gowşurylmaga başlanjakdygyny aýtdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Prezidentiň kompleksinde 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremelerden soň, sebite baran häkimlikler, gözleg we halas ediş toparlary we ýertitremede ejir çeken adamlar bilen agzaçar programmasynda duşuşyk geçirdi. 

Ýertitremäniň başdan geçirilen sebitde çadyr, konteýner we gurnama jaýlaryny gurandyklaryny ýatladan Prezident Erdogan, milletiň ähli mümkinçilikleri bilen döwletiň ähli guramadyr-edaralary bilen ilkinji minutlardan başlap ýertitremäniň başdan geçirilen sebite kömege barandygyny ýatlatdy. 

Harabalyklary aýyrmak işleriniň giň gerimli dowam etdirilýändigini aýdan Prezident Erdogan, ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň alynyp barylýandygyny, olaryň 1 ýylyň içinde gurup tamamlajakdyklaryny mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Oraza baýramynda Gaziantep welaýatynyň Nurdagy etrabynda we Kahramanmaraş welaýatynyň Türkogly etrabynda ilkinji oba jaýlarynyň gowşurylmaga başlanjakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar