“TJG Anadoly Gämisi Düşümli Bolsun”

Prezident Erdogan, TJG Anadoly gämisine baryp gördi.

1973186
“TJG Anadoly Gämisi Düşümli Bolsun”
erdogan tcg anadolu gemisi.jpg
erdogan tcg anadolu gemisinde.jpg
erdogan tcg anadolu gemisinde.jpg
erdogan tcg anadolu gemisinde.jpg

Prezident R. T. Erdogan, düýn dabaraly ýagdaýda Deňiz güýçleri serkerdeligine gowşurlan dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagyna eýe bolan TJG Anadoly gämisine baryp gördi.

Prezident Erdogan Stambulyň Tuzla etrabynda garaşýan gämi we palubadaky Türkiýäniň uçarmansyz milli harby uçary Kyzylelma hakynda hem maglumat aldy.

Prezident Erdogan, uçarmansyz ulaglary oýlap tapyjy Baýkar tehnalogiýa firmasynyň lideri Selçuk Baýraktara, Kyzylelmanyň ilkinji gezek gämiden haçan uçuryljakdygyny sorady.

Selçuk Baýraktar Prezident Erdoganyň soragyna “Gämiden uçuş goldawy dowam edýär. İlkinji uçuş-gonuş enşalla 2025-nji ýylda amala aşyrlar” diýip jogap berdi.

Prezident Erdogan soň Halk ýaranlarynyň agzalary we ministrler bilen birlikde Kyzylelmanyň önünde ýadigärlik surat aldyrdy.

Prezident Erdogan Twitterden beren habarnamasynda hem, dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi TJG Anadoly resmi taýdan wezipesine başlady. Bu buýsandyryjy wakanyň esasy gahrymanlaryna, gäminiň gurluşygynda arman-ýadaman zähmet çeken her bir adama sagbolsun aýdýaryn. Düşümli bolsun” diýdi.

Gurluşygyna Tuzla Sedef gämi gurluşyk werfinde başlanylan TJG Anadoly köp maksatly hüjüm gämisi taslamasy 6 ýyl soň tamamlandy.



Degişli Habarlar