Türkiye Ysraýylyň hereketini ýazgardy

Türkiye basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidine garşy edilen hereketde köp sanda palestinalynyň göz tussaglygyna alan polisiýa işgärleriniň hereketini ýazgarýandygyny habar berdi

1970216
Türkiye Ysraýylyň hereketini ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Aksa metjidine garşy guran hüjümleri we meçew bermeleri bilen baglanşykly beýannama berdi. 

Beýanatda: "Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň düýn gijeden bäri Aksa metjidiniň mukaddesligini we taryhy status-kwonyň düzgünini bozup, Aksa metjidine basyş edilmegini, Kybla metjidine sygynan adamlara garşy eden-etdiligini we köp sanda palestinalyny göz tussaglygyna alynmagyny ýazgarýarys" diýip habar berildi. 

Mübärek remezan aýynda Aksa metjidinde ybadat edýän adamlara garşy guralan şol hüjümleriň hiç bir ýagdaýda kabul edilmejekdiginiň nygtalan beýanatda: "Gaza başda bolmak bilen sebitdäki ýagdaýyň dartgynlaşmagyna alada bildirýäris. Ysraýylyň hökümediniň, sebitde ýagdaýyň has ham dartgynlaşmagyna sebäp bolup biljek islendik meçew bermeleri, aksiýalary we hüjümleri iň tiz wagtda bes etmegi zerurdyr" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar