Mewlüt Çawuşoglu Pakistana Gynanç Bildirdi

Çawuşoglu, Şerif we Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1963942
Mewlüt Çawuşoglu Pakistana Gynanç Bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif we Daşary işler ministri Bilawal Butto Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ýer titremesi zerarly uly ýitgi çeken Pakistana duýgudaşlyk we ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşoglu, Şerif we Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Çawuşoglu, telefon söhbetdeşliginde Owganystanyň Hindiguş sebitinde bolan we Pakistana hem ýaramaz täsirini ýetiren 6,5 bal ululygynda ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi we Pakistan bilen arkalaşykly herteket etjekdiklerini belledi.

Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen Daşary işler ministri Zerdari hem ministr Çawuşogluna minnetdarlyk bildirdi.

Çawuşoglu, Twitterden iňlis dilinde beren habarnamsynda, ýer titremesi zerarly Pakistan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzstan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan we Hindistan bilen arkalaşykly hereket etjekdiklerini belledi.

Çawuşoglu, Pakistanda we Owganystanda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Owganystanyň Hindiguş sebitinde 21-nji martda bolan 6,5 bal ululygyndaky ýer titremesi Pakistanyň we Hindistanyň başda durmagynda käbir Orta Aziýa ýurtlarynda hem duýlupdy.

 

 



Degişli Habarlar