Saýlawlar 14-nji Maýda Geçirler

Erdogan, prezident saýlawynyň we Mejlisiň halk deputatlygyna saýlawyň 14-nji maýda geçiriljekdigini habar berdi.

1958007
Saýlawlar 14-nji Maýda Geçirler

Prezident R. T. Erdogan, prezident saýlawynyň we Mejlisiň halk deputatlygyna saýlawyň 14-nji maýda geçiriljekdigini habar berdi.

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde saýlaw kararyny tassyklandan soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan, konstitutsiýanyň 116-njy maddasynyň özüne berýän ygtyýaryna laýyklykda 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçirilmegi meýilleşdirlen prezident we mejlisiň halk deputatlygyna saýlawlaryň 14-nji maýda geçirilmegi baradaky karara gol goýandygyny nygtady.

Erdogan, saýlawlaryň 14-nji maýda geçirilip bilinjekdigini täze ýylyň yzy ýanyndan mälim edendigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan “18-nji iýunda ýaşlarymyzy gyzyklandyrýan ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary bar. 18-nji iýun şol bir wagtda ýurduň içinde we daşynda millionlarça raýatymyzyň haj parazasy üçin mübarek topraklara gidýän günlerine gabat gelýär. Başlangyç we orta mekdepleriň saýlawyň öňüsyrasynda okuw ýylynyň gutarýandygy sebäpli millionlarça adam dynç alyşa başga şäherlere gidýär. Şol sebäpli hem saýlawlaryň bir aý ozal 14-nji maýda geçirilmegi barada karar kabul edildi” diýip belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar