Pakistan Ýer Titremelerinden Soň 675 Tonna Ynsanperwer Kömegini Berdi

Pakistan ýer titremelerinden soň Türkiýä ilkinjileriň hatarynda kömek beren ýurtlardan biri boldy.

1955023
Pakistan Ýer Titremelerinden Soň 675 Tonna Ynsanperwer Kömegini Berdi

Pakistanyň hökümeti we halky 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýä 675 tonnalyk ynsanperwer kömegini berdi.

Pakistan ýer titremelerinden soň Türkiýä ilkinjileriň hatarynda kömek beren ýurtlardan biri boldy.

Pakistandan gelen 85 adamlyk gözleg we halas ediş topary Adyýamanda iş alyp bardy we 28 adamy harabalygyň aşagyndan çykardy.

Pakistan şu günki güne çenli 26 uçar bilen Türkiýä 400 tonna olaý ynsanperwer kömegini berdi.

21 konteýnerden ybarat 275 tonnalyk ynsanperwer kömegi hem  Pakistandan gara ýoly arkaly 25-nji fewralda Malatýa geldi.

Stambulda ýaşaýan pakistanlylar hem ýer titremeleri sebäpli ejir çeken malatýalylara ynsanperwer kömegini berdi.

 



Degişli Habarlar