Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Dohada BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy

Çawuşoglu, BMG-nyň Yzagalak ýurtlar konferensiýasyna gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha gitdi

1954902
Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Dohada BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, BMG-nyň Yzagalak ýurtlar konferensiýasyna gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha gitdi.

Ministr Çawuşoglu iş saparynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşoglu Twitterden beren habarnamasynda, Dohada ilkinji duşuşygyny BMG-nyň Baş sekretary Guterreş bilen geçirendigini nygtap, BMG-nyň ýer titremelerinden soň beren kömegi sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

Ministr Çawuşoglu, Guterrreş bilen Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň başladan Galyndylardan ýerlikli peýdalanmak başlangyjy, Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar we Stambul galla geçelgesi ylalaşygy hakynda pikir alyşandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar