Daşary Işler Ministri Çawuşogly Jaýşankar Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşdy.

1953026
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Jaýşankar Bilen Duşuşdy

Mİnistr Çawuşogly Twitter hasabyndan beren habarnamasynda G20-ä girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Maslahatynyň çäginde Täze Delide ilkinji duşuşygyny hindi kärdeşi Jaýşankar bilen geçirendigini mälim etdi.

Çawuşogly; “G20-niň Daşary işler ministrleriniň Maslahaty üçin Täze Deli şäherine gelip, ilkinji nobatda hindi kärdeşimiz bilen duşuşdyk. Dost operasiýasy ady bilen ýurdumyza beren kömekleri we goldawlary üçin sagbolsun aýtdyk” diýip ýazdy.

Çawuşogly G20-niň Hindistanyň Başlyklyk etmeginde 1-2-nji mart aralygynda Täze Delide geçiriljek Daşary işler ministrleriň maslahatyna gatnaşar.

Maslahatda ynsanperwer kömekler we tebigy apat kömekleri, azyk we energetika howpsuzlygy, terörizme garşy göreş, köptaraplylygyň ýaýbaňlandyrylmagy we galkynyş hyzmatdaşlygy ýaly global gün tertibinde ileri tutulýan uğurlarda pikir alyşylar.

 



Degişli Habarlar