Erdogan Bilen Makron Wideo Aragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

Makron, Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremeleri zerarly gynanç bildirdi.

1951340
Erdogan Bilen Makron Wideo Aragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Fransiýanyň Prezidenti Makron duşuşykda, Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremeleri zerarly gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan hem ýer titremelerinden soň Fransiýanyň beren kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.

Erdogan bilen Makron duşuşykda şeýle hem Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Emmanuel Makron duşuşyk hakynda Twitterden türk dilinde beren habarnamasynda, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleriniň yzy ýanyndan fransuz gözleg we halas ediş toparynyň sebite gidendigini ýatlatdy.

Makron, Fransiýanyň Adyýamanyň Gölbaşy etrabynda guran göçme hassahanasynda her gün 100 adamyň saglygyny bejerdýändigini nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Makron, “Ýer titremelerinden soň Türkiýe bilen arkalaşykly hereket etmäge dowam etjekdigimizi Prezident Erdogana hem aýtdym” diýdi.

Prezident Erdogan bilen Ukrainadaky söweş hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Makron “Ukrainanyň söweşde ýeňiş gazanmagy üçin elimizden geleni ederis. Hüjüm ediji tutumyndan ýüz öwürmegi üçin hem Russiýa basyş etmäge dowam ederis” diýip belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar