Terrorçy Halil Menji Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Garaşsyzlyk köçesine guralan terrorçylykly hüjümi meýilleşdiren Halil Menji täsirsiz ýagdaýa getirildi

1951056
Terrorçy Halil Menji Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Stambul şäherinde Garaşsyzlyk köçesine guralan terrorçylykly hüjümi meýilleşdiren ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň agzasy Halil Menji, Siriýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Howpsyzlyk gullugy, 13-nji noýabrda Stambul şäherinde Garaşsyzlyk köçesinde guralan, 6 adamyň ýogalmagyna we 81 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm bilen arabaglanşykly barlag işini dowam etdirdi.

Hüjümiň jogapkärleri Ahlam Albashyr Saleh bilen Bilal Hassany gönükdiren we Hassany daşary ýurda ugradan Halil Menjiniň, PKK/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky Siriýanyň Kamyşly etrapçasyndadygy anyklandy.

Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan yzarlanan Menji 22-nji fewralda Kamyşlyda guralan operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar