Çawuşogly Stoltenberg bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly NATO-daky ýaranlaryň ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin Hataý we Iskenderunda 3 müň adamlyk konteýner öýler gurjakdygyny habar berdi

1947384
Çawuşogly Stoltenberg bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 6-njy fewralda başdan geçirilen, Asyryň betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilen we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň, raýdaşlyk ýüzlenmesini bermek maksady bilen paýtagt Ankara şäherine gelen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçiren duşuşygyndan soň, umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

NATO-nyň inwentarynda bolan, gyş şertlerine amatly bolan konteýnerleriň we çadyrlaryň Türkiyä ugradylmagy barada karara gelinendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "3 müň adama niýetlenen, adamlary ýaşaýyş ýerler bilen üpjün etjek şol taslamanyň ilkinji tapgyry 6 aýyň içinde durumuşa geçiriler, zerurlyk gerek bolan halatynda möhledi uzadylar. Şolaryň Iskenderunda we Hataýda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar" diýip habar berdi. 

Düýn NATO-dan ýaranlaryň strategik howa ýük daşamak mümkinçiliklerini gyssagly ýagdaýda işledilip başladylmagyny isländiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Hormatly Baş sekretar NATO inwentarynda 40 konteýnerlik bir bukjanyň we Pakistandaky 20 müň adamlyk çadyrlaryň tiz wagtda getirilmegi üçin zerur bolan ýük daşaýan uçarlaryň üpjün edilmegi barada ýaranlara talap bildirdi. Şol sebäpli özüne örän minnetdarlyk bildirýäris" diýip mälim etdi. 

Ýens Stoltenberg hem öz gezeginde güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň alýansyň territoriýasynda NATO-nyň esaslandyrylan ýyly bolan 1949-njy ýyldan bäri iň öldüriji, iň elhenç tebigy apatdygyny beýan etdi. 

NATO agza ýurtlaryň Türkiyäni goldamaga dowam edýändigini aýdan Stoltenberg: "Gollandiýa, Norwegiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ ýaly ýurtlardan üpjün edilen harby uçarlar gije-gündiz diýmän ol ýerdäki ýerlere halkara kömekleri getirmek üçin iş alyp barýar. Albaniýa, Kanada, Germaniýa birnäçe tapawutly maliýe we biri-birinden üýtgeşik usullary ulanyp, goldaw bermäge dowam edýärler. NATO-nyň ähli ýurtlarynda raýatlarymyz millionlarça ýewro puly Türkiyä ugratmak üçin haýyr-sahawat kampaniýalar geçirilýär. Ähli bu zatlar raýdaşlygymyzyň nyşanydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar