Liwiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Ýer titremesi zerarly gynanç bildiren Menguş, ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny belledi.

1946199
Liwiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 6-njy fewralda bolan ýer titremesi sebäpli Hataý welaýatyna gelen Liwiýanyň Daşary işler ministri Nejla Al Menguş bilen duşuşdy.

Ýer titremesi zerarly gynanç bildiren Menguş, ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny belledi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem ýer titremesi, dowam edýän gözleg we halas ediş işleri hakynda maglumat berdi we Menguşa berýän kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ýer titremeleri “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirildi.

 



Degişli Habarlar