Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”

Prezident Erdogan, Diýarbakyrda Çadyr şäherçä baryp gördi.

1945221
Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”

Prezident R. T. Erdogan, ýer titremeleri sebäpli ýykylan ýüz müňlerçe ýaşaýyş jaýyny täzeden gurjakdyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan, Diýarbakyrda Çadyr şäherçä baryp gördi.

“6-njy fewralda duşenbe güni bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleriniň ýetiren ýaramaz täsiri ýurdumyzda 1999-njy ýylda bolan ýer titremesinden 3 esse ýokary boldy”diýen Erdogan, “dünýäniň alymlary tarapyndan asyryň betbagtçylygy hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremesi, 1000 inedördül kilometrlik meýdan duýulandygyna garamazdan esasan 500 inedördül kilometrlik meýdan uly ýitgi çekilmegine sebäp boldy” diýip belledi.

Şäherleriň bir böleginde gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny, bir böleginde bolsa güýçli depginde dowam edýändigini nygtan Erdogan, “Gözleg we halas ediş işlerini güýçli depginde tamamlarys. Harabalyklaryň aşagynda ýekeje raýatymyzy hem goýmarys. Yzy ýanyndan ýaňadandan dikeldiş işlerine başlarys. Ýüz müňlerçe ýaşaýyş jaýyny gurarys. Haraba öwrülen şäherlerimizi täzeden gurarys” diýdi.

Döwletiň ähli mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýandygyna ünsi çeken Erdogan, “Biz raýatlarymyzy asla ýalňyz goýmadyk we goýmarys” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar