Türkiýe Meksika Senatynyň Kararyny Berk Ýazgardy

Türkiýe Meksikanyň Senatynyň 1915-nji ýyldaki wakalar bilen bagly ermeni tezislerini ykrar edýän kararyny berk ýazgardy.

1944615
Türkiýe Meksika Senatynyň Kararyny Berk Ýazgardy

Daşary işler ministrligi Meksikanyň Senatynyň degişli karary hakynda ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada; “Meksikanyň Senatynyň 2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda kabul edilen we 1915-nji ýyldaky wakalary “genosid” hökmünde ykrar edýän karar, taryhy syýasy düşünjelere görä gaýtadan ýazmaga synanşýan hökümsiz synanşykdyr. Bu karary ret edip, berk ýazgarýarys. Kanun çykaryş organlarynyň taryhy analiz etmek we ony derňeme ygtyýarynyň ýokdugyny ýatladýarys” diýilýär.

Şol synanşygyň 1948-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Genosidiň öňüniň alynmagy we onuň jezalandyrylmağy hakyndaky Konwensiýasynda we Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetiniň 1915-nji ýyldaky wakalaryň kanuny diskussiýanyň temasy bolup durýandygyny tassyklaýan kararlaryna hem aç-açan garşy durýandygy nygtalyp, bu gynandyryjy kararyň Meksikadan hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkiýede ýer titremesinde ejir çekenlerin gözleg-halas ediş işleriniň alynyp barylýan günlerine gabat gelmeginiň täleýsizlikdigi we Türkiýe-Meksika dostlugyna gelişmeýändigi nygtalýar.

Beýannamada; “Meksikanyň Senatynyň taryhdan duşmançylyk döretmäge çalyşýan käbir töwerekleriň gün tertibine hyzmat etmegiň ýerine, bu ýerliksiz başlangyjy düzetmäge çagyrýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar